Köp soralýan soraglar
Gerekli – siziň elmydama ýanyňyzdaky onlaýn “bazar”. Biziň söwda meýdançamyzda 280-den gowrak satyjy, 40000-den gowrak haryt bar. Gerekli, ulanyjylaryň öýden çykman, bir ýerde onlaýn satyn alyp, hasaba durup we tölegleri geçirip biljek bir bitewi ekoulgamdyr. Biziň wezipämiz, onlaýn satyn almalaryň rahat we amatly tejribesini döretmekdir!
Biz elektronika, hojalyk üçin enjamlary we himiki serişdeleri, atyrlary, smartfonlary we olaryň esbaplaryny, noutbuklary, egin-eşikler we hatda ene-atalar we olaryň çagalary üçin dürli görnüşli harytlary hödürleýäris. Biz önümlerimiziň görnüşini yzygiderli giňeldýäris, sebäbi biz hiç wagt hakyky mümkinçiliklerimiziň ujypsyzja böleginden peýdalanmak bilen kanagatlanmaýarys! Eger-de siz Gereklide gözleýän hayrdyňyzy tapyp bilmeýän bolsaňyz, bize ýüz tutuň we sizi gyzyklandyrýan harydy tapmak üçin biz elimizden gelenini ederis.
Häzirki wagtda müşderilerimizde onlaýn tölegleriň ähli usullaryndan peýdalanmak mümkinçiligi bar, olardan: onlaýn töleg, töleg terminaly arkaly töleg we nagt töleg geçirmek. Biziň ajaýyp onlaýn töleg hyzmatlarymyz, degişli düwma iki gezek basyp, göni mobil goşundymyzdan tölegleri çalt we ygtybarly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan boýunça sargydy eltip bermek hyzmatynyň şertleri 🚛 Biz ýurdumyzyň ähli künjegine sargytlary eltip berýäris. Sargydy eltip bermegiň bahasy şähere we sargydyň agramyna baglydyr: Welaýatlaryň merkez şäherleri: Sargydy adaty eltip bermek hyzmaty (5 kg çenli) — 50 TMT. Beýleki şäherlere (merkez däl): Sargydy eltip bermegiň bahasy — 70 TMT-dan başlanýar (sargyt tassyklanan wagty operatorymyz tarapyndan takyklanylyp aýdylýar). Agram üçin goşmaça töleg (5 kg-dan ýokary): Eger sargydyňyzyň umumy agramy 5 kg-dan geçse, her goşmaça 1 kg üçin 5 TMT möçberinde goşmaça töleg alynýar. Aşgabat şäheriniň içine sargydy eltip bermek hyzmaty 24 sagadyň dowamynda amala aşyrylýar. Sargydy amala aşyrmak üçin iň pes pul möçberi — 100 TMT. Welaýatlara sargydy eltip bermek hyzmaty 48 sagadyň dowamynda amala aşyrylýar.
Bize +99364065666 belgisi boýunça jaň edip bilersiňiz ýa-da info@gereklitm.com salgysyna elektron hatyny iberip bilersiňiz. Biz gerekli harydy saýlamaga we soraglaryňyza jogap bermäge kömek ederis. Şeýle hem, sosial ulgamlarda sizi gyzyklandyrýan islendik soragyňyzy berip bilersiňiz (instagram, tiktok, imo).
Siz özüňize amatly bolan islendik görnüşde biziň bilen habarlaşmaly ýa-da web sahypasynda ýörite soragnamany doldurmaly, biziň bilen komissiýa şertnamasyna gol çekmeli, şahsy hasabyňyza girmeli we harytlaryňyzy ýükläniňizden soňra olary satyp bilersiňiz. Gerekli bilen pul gazanmak aňsat!
Size pasportyňyzyň, Tassyknamanyň ýa-da Türkmenistanyň ýuridiki şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme we ahyrynda hasabyňyzyň bank maglumatlary bilen resminamanyň göçürmesi gerek bolar. Biz resminamalaryň sanawyny gözden geçireris we goşmaça soraglar bolmasa, geljekki hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen siziň bilen şertnama baglaşarys.